Soňky habarlar

Arhiw

Bilim işgärleriniň dersler boýunça okuw sapaklary geçirilýär

16:0617.08.2019
0
2511

Ýurdumuzyň ähli künjeklerinde bilim işgärleriniň dersler boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Okuwlarda geçen okuw ýylynyň jemlerine giňişleýin seljerme berildi. Amala aşyrylan özgertmeler boýunça birin-birin gürrüň edildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ýollary dogrusynda pikir alşyldy. Ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, orta mekdeplerde guralýan okuw terbiýeçilik işleriniň mazmunyny baýlaşdyrmagy we hilini ýokarlandyrmagyň wezipeleri dogrusynda çykyşlar diňlendi. Soňky ýyllarda emele gelen özgertmeler her bir bilim, terbiýeçilik işgärinden jogapkärçiligi talap edýär. Her ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berilýär. Olar okatmagyň we terbiýe bermegiň iň kämil enjamlary, serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň