Soňky habarlar

Archive news

“Bawariýa” ýeňiş gazanyp bilmedi

11:3917.08.2019
0
133
“Bawariýa” ýeňiş gazanyp bilmedi

“Bundesligadanyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygynda “Bawariýa” öz meýdançasynda ýeňiş gazanyp bilmedi. Berliniň “Gertasyny” kabul eden “Bawariýa” ilkinji tapgyrda 2-2 deňme-deň oýnap, 2 utuk ýitirdi. 24-nji minutda Robert Lewandowski hasaby açdy. Polşaly hüjümçi yzly-yzyna 5 möwsümde ilkinji tapgyrda tapawutlanmagy başardy. Ol “Bundesligada” muny başaran ilkinji futbolçy boldy.
Myhman topar 2 minutda 2 gol geçirip, hemmäni geň galdyrdy. 36-njy minutda Lukebakio, 38-nji minutda-da Gruýiç paýtagtlylary öňe saýlady. Duşuşygyň 2-nji ýarymy ýer eýeleriniň güýçli depgini astynda geçdi. 58-nji minutda Gruýiç polşaly hüjümçi Lewandowskiniň garşysyna oýnuň düzgünini bozdy. Eminiň bellän penaltisini bolsa, Lewandowski dürs urup, hasaby deňledi. Bu oýundaky soňky gol boldy. “Bawariýa” 2011/2012 möwsüminden bäri ilkinji gezek açylyş duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmedi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň