Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlyk geçiriler

10:1217.08.2019
0
21179

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy awgustdaky mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet Baştutanynyň garamagyna şu ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçiriljek biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän bu çäre ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk üpjün etmekde we kadalaryny berjaý etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda hem-de olary düýpli azaltmakda oňyn netijelere eýe bolýar.

Meýilnama laýyklykda, sentýabr aýynyň dowamynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda mowzuklaýyn maslahatlar guralar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli makalalar çap ediler we teleradioýaýlymlarda bu ugur boýunça gepleşikler taýýarlanylar. Ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak çärelerini guramak, ýol-ulag hadysalary mahalynda degişli lukmançylyk kömegini bermek we beýleki çäreler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň IIM-niň we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary astynda geçirilýän biraýlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Oňa giň jemgyýetçiligiň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy wajyp bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlarynyň işjeň çekilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle toparlaryň mekdepleriň ýanynda nobatçylygyny guramagyň zerurdygyny belläp, çagalaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi ýollarda hereket howpsuzlygy boýunça bilimiň, başarnygyň bitewi ulgamynyň kemala gelmegini üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň