Soňky habarlar

Arhiw

Birinji HYF-da ulag, senagat-kommunikasiýalar ulgamy boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 17-sine gol çekildi

10:0517.08.2019
0
918

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy awgustda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew döwlet Baştutanyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de onuň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça senagat-kommunikasiýa toplumy tarapyndan amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Degişli düzümler daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň barşynda ulag, senagat-kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa aýratyn üns berýär. Şu ugurda ikitaraplaýyn resminamalaryň 17-sine gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň käbiri barada Turkmenportalyň habarlarynda hem aýratynlykda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň