Türkmenistanda 2019 - 2020-nji ýyllaryň aw möwsümi açyldy

09:2417.08.2019
0
13397

Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýeti şu gün - 17-nji awgustda 2019 - 2020-nji ýyllar üçin aw möwsüminiň açylýandygyny habar berýär.

- Möwsüm 17-nji awgust güni gije 00:00-dan başlap açylýar we ol 2020-nji ýylyň 15-nji marty, sagat 23:59-a çenli dowam edýär. Aw möwsüminiň Türkmenistanyň kanunçylygyna we Gyzyl kitabyň talaplaryna laýyk alnyp barylmagyna gözegçilik ediler. Ýagny jemgyýet tarapyndan awlamaga we tutmaga rugsat berilýän jandarlaryň sanawy düzüldi - diýip, jemgyýetiň wekili Süleýman Nyýazow gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň