Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

22:0316.08.2019
0
3937

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi - diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Häzirki döwürde şol hyzmatdaşlyk okgunly ösüşi we hil taýdan täze many-mazmuny bilen tapawutlanýar.

Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle ýokary derejedäki netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar netijesinde gazanylandygyny nygtady. Olar ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly isleg hem-de syýasy erk-islegi bildirýärler.

Däp bolşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigi, şonda anyk netijeleriň gazanylandygy bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Doganlyk ýurtdan getirilýän harytlara türkmen bazarynda uly isleg bildirilýär, öz nobatynda Özbegistan türkmen önüm öndürijileriniň eksportunda möhüm orny eýeleýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi köpşahaly üstaşyr ulag we logistika düzümini döretmekde möhüm şertleriň biri hökmünde çykyş edýär.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebitiň umumy meselelerini, şol sanda Araly halas etmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýärler.

Duşuşygyň dowamynda şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, döwrüň talabyna laýyklykda ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine oňyn baha berildi.

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň