Soňky habarlar

Arhiw

“Bundesliganyň” täze möwsümi başlaýar

11:4516.08.2019
0
3193

Şu gün täze möwsümine badalga beriljek ýene bir çempionat – ol hem Germaniýanyň “Bundesligasydyr”. Ýewropanyň TOP-5 ligasynyň arasynda iň ýaşy bolan “Bundesliganyň” 57-nji möwsümini soňky ýyllaryň çempiony “Bawariýa” açar. Mýunhenliler möwsümiň açylyş duşuşygynda “Allianz Arenada” Berliniň “Gerta” toparyny kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:30-da başlanýar. Wise-çempion “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Augsburg” bilen duşuşar (18:30). “Bundesligada” 1-nji tapgyryň iň esasy oýny “Borussiýa M” bilen “Şalke” toparlarynyň arasynda bolar. “Bundesliganyň” täze möwsümi-de “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler. Türkmenistan sport teleýaýlymynda görkeziljek täze möwsümiň ilkinji “Bundesliga” duşuşygy “Aýntraht” bilen “Hoffenhaýmyň” arasyndaky oýun bolar. Bu duşuşyk 18-nji awgustda, ýekşenbe güni 18:30-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň