Aýgerim Altynbek (Gazagystan): «Arzuw» ― ajaýyp eser»

19:1014.08.2019
0
13824

Gazagystanly aýdymçy gyz Aýgerim Altynbek bilen söhbetdeşligimiz has täsinligi. Täsinligi, söhbetdeşligiň üýtgeşik bir mazmunynda däl-de, türkmençe sowallara gazakça alnan jogaplarda. Garaz, aýdymçy gyza türkmen dilinde sowal berdim, gazak dilinde-de jogap aldym. Biri-birimize juda gowy düşünişdik.

Gala-konserte Gazagystandan gatnaşan aýdymçylaryň ikisiniň hem belent sesi olaryň çykyşynyň esasy aýratynlygy boldy. Konserte gatnaşyjylar olaryň ses beýikliginiň juda kän aýdymça ýetdirmeýän ýerlerine çenli baryp ýetmegine birnäçe ýola el çarpyşdylar. Aýgerim Altynbek bolsa Gazagystanda opera sungatynyň ýaş zehinleriniň ýetişip gelýändigini ýene bir ýola subut etdi.

― Bäş ýaşymdan bäri aýdym aýdyp gelýärin. Soňra opera ukybymyň bardygyny bilip, esasan, opera aýdymlaryna üns berdim. Birnäçe halkara bäsleşiklerdir festiwallara gatnaşyp, ýeňiji bolmak nesip etdi. Ýöne bu gün ― ykbalymyň aýratyn güni ― diýip, aýdym-saza gelişinden gürrüň açan myhman Awazadaky konsertiň aýratynlygyny delillendirdi. ― Elbetde, her bir aýdymçy dünýä ýyldyzlary bilen bilelikde şeýle ajaýyp sahnada çykyş etmegi arzuw eder. Döredilen mümkinçilik üçin men Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Awazanyň salkyn howasyna bogazyňy çaýkap aýdym aýtmagyň aýratyn lezzeti bar

― Ozal sizde şeýle pursatlar döräpmidi?

― Dogrusy, Italiýa, Gruziýa, Azerbaýjan ýaly döwletleriň uly sahnalarynda çykyş etmek nesip edipdi. Ýöne bu konsert düýbünden başgaça duýgy. Çünki kalbyňy diňe bir aýdym-sazyň gözelligi däl, tutuş töweregiň gözelligi gurşap alýar. Awaza ― meniň çak edişimden hem ajaýyp mekan eken. Aşgabat bilen Awaza mende gözelligi hem-de adamlaryň juda akýürekliligi bilen täsir galdyrdy. Ýöne şu konsert bilen bagly täsirler bu iki aýratynlyk bilen çäklenmeýär. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Arzuw» atly aýdymy meniň türkmen aýdym-saz sungatyna bolan hormatymy has artdyrdy. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň bu aýdymy meniň türkmen dilinde öwrenen ilkinji aýdymym. Ýöne ilkinji aýdymy saýlamak babatynda meniňki juda şowlady. Bir söz bilen: «Arzuw» ajaýyp eser. Ol joşgunly ýaňlanýar. Aýdymyň süňňündäki joşgun öz täsirini türkmen dilini bilmeýänlere-de ýetirýär. Hakyky kämil eser şeýle-de bolmaly ― diýip, Nur-Sultan şäherindäki sungat akademiýasynyň talyby, «Gazak konsert» toparynyň solisti Aýgerim Altynbekowa Türkmenistan täsirlerini biziň bilen paýlaşdy. Onuň esasy arzuwlarynyň biri bolsa Türkmenistanda uly konsert bilen çykyş etmek. Eger bu mümkin bolsa, gazagystanly aýdymçy Türkmenistana has ýakymly aýdym-saz sowgatlary bilen gelmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň