Soňky habarlar

Arhiw

Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 3 medal eýelediler

14:2312.08.2019
0
1323
Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 3 medal eýelediler

Özbegistan döwletiniň Almalyk şäherinde guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda ýurdumuzyň türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. Ildeşlerimiziň 3-si bil bagly göreşi, ýagny Özbek göreşi boýunça üstünlikli çykyş edip, öňdäki baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara ýaryşynda paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Umyt Garagulow 50, Guwanç Abaýew 45-kilogram agramlarda 3-nji orunlary eýelediler. 44-kg agramda çykyş eden, Maral Garjykowa 2-nji orna mynasyp boldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň