Soňky habarlar

Arhiw

Ýekaterine Petrowa: "Russiýa birinji Hazar ykdysady forumyna uly ähmiýet berýär"

09:0912.08.2019
0
816

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde geçirilýän sergilere gatnaşyjy, Russiýanyň eksport merkeziniň wekili Ýekaterina Petrowa rus işewürleri tarapyndan bu foruma we sergilere bildirilýän gyzyklanma barada şeýle diýdi:

― Russiýa birinji Hazar ykdysady forumyndaky iň uly wekilçilikli topar diýip aýdyp bileris. Şol bir wagtyň özünde bu serginiň işine hem juda kän kompaniýamyz we beýleki taraplar gatnaşýar. Olaryň hatarynda «GAZ» awtomobil zawodyny, AWTOWAZ toparyny, «Finko» uçarmansyz uçarlar kompaniýalar toparyny, Iwanowa şäheriniň mehanika zawodyny, «Riç Kemikl» kompaniýasyny we beýlekileri görkezip bolar. Garaz, diňe Russiýanyň esasy bölüminde 10-a golaý kompaniýanyň önümleri bilen tanyşdyrylýar. Käbir taraplara bolsa aýratyn pawilýonlaryň bagyşlanandygyny sergi bilen tanyşlykda görersiňiz.

Russiýa birinji Hazar ykdysady forumyna uly ähmiýet berýär. Hut şonuň üçin biziň ýurdumyzyň Hazar deňziniň hukuk meseleleri boýunça başlangyçlarda Türkmenistany hemişe goldady. Mundan beýläk döwletler bilelikde Hazaryň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyryp bilerler. Bu işde Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän forumyň ornunyň uly boljakdygyna ynanýarys. Forumyň dowamynda gazanyljak ikitaraplaýyn ylalaşyklar türkmen-rus gatnaşyklarynyň täze tapgyryna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň