Soňky habarlar

Arhiw

Aýnur Annesowa: "Gazagystan köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge taýýar"

09:0512.08.2019
0
1275
Aýnur Annesowa: "Gazagystan köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge taýýar"

Birinji Hazar ykdysady forumynyň işine Gazagystandan hem uly wekilçilikli topar gatnaşýar. Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň çäginde Gazagystanyň Söwda-senagat edarasynyň wekili Aýnur Annesowa habarçymyza şeýle gürrüň berdi:

― Ýadyňyzda bolsa Hazar deňzi boýunça taryhy ylalaşyga geçen ýyl Gazagystanda gol çekilipdi. Gazanylan ylalaşykda döwletleriň ählisiniň, şol sanda Türkmenistanyň hem uly paýy bar. Bu gün bolsa Hazar babatyndaky halkara başlangyçlaryň ençemesiniň awtory bolup çykyş eden Türkmenistanda geçirilýän foruma we halkara sergä gatnaşmak biziň üçin belent mertebe. Hazaryň diňe bir sebitde däl, tutuş Ýewraziýada ähmiýetli deňizdigini görkezjek forumyň işine üstünlik arzuw edýärin.

Biziň sergi bölümimizde Gazagystanyň kompaniýalarynyň 12-siniň önümleri görkezilýär. Olaryň aglabasy Türkmenistana ilkinji gezek getirilýär. Ýöne muňa garamazdan, şu forumyň dowamynda käbir kompaniýalarymyzyň wekilleriniň türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen özara ylalaşyklara geljekdigine ynanýarys. Hususan-da, lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan «Dolce-Pharm» kompaniýasynyň önümlerine isleg ýokary. 20 ýyldan bäri işleýän kompaniýa Türkmenistan bilen diş lukmançylygynyň enjamlary babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Umuman, şeýle abraýly sergä gatnaşmak bizi çäksiz şatlyga besleýär. Iberilen çakylyk üçin türkmen tarapyna, hususan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirýäris.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň