Soňky habarlar

Arhiw

Mohammad Hossein Abdollah: "Türkmen-eýran hyzmatdaşygy täze röwüşde dowam edýär"

08:5112.08.2019
0
1332

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde Hazarýaka döwletlerine uly paý degişlidir. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasyndan gatnaşýan sergi bölümleri barada «Gilan coob» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mohammad Hossein Abdollah şeýle gürrüň berýär:

― Hazar deňziniň kenaryndaky giň gerimli sergä Eýrandan 15 çemesi kompaniýa gatnaşýar. Olaryň aglabasynyň önümleri ýurdumyzyň esasy sergi pawilýonynda görkezilýär. Has iri we hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirilýän käbir kompaniýalara bolsa aýratyn ýer bölünip berildi. Käbir kompaniýalarymyzyň bölümleri awtosergide hem bar.

Türkmenistanyň we Eýranyň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak ýyllara daýanýar. Bu günki sergi arkaly bolsa şol hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik bar. Biz hut şeýle-de bolar diýip tama edýäris.

Öz kompaniýamyz barada aýtsam, biz polietilen haltalary öndürmek bilen meşgullanýarys. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip görmek bilen, bu önümçilik boýunça Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup boljakdygyna göz ýetirdik. Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirjek gepleşiklerimiz bu maksadymyzy durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

Şeýle iri çäreleriň Hazar deňzi arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigini hem nygtamaly. Görşümiz ýaly, serginiň hem, forumyň hem işi diňe Hazarýaka döwletleri bilen çäklenenok. Işewürleriň bu duşuşygy geljekki hyzmatdaşlygyň netijeli meýdanyna öwrüler. Pursatdan peýdalanyp, serginiň we taryhy forumyň işine üstünlik arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň