Arhiw

Tural Kerimli: "Awazadaky sergä Azerbaýjandan 20-den gowrak kompaniýa gatnaşýar"

08:4712.08.2019
0
1406

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde Azerbaýjan Respublikasynyň hem pawilýony ýaýbaňlandyryldy. Umuman, bu sergä Hazaryň günbatar kenaryndan gatnaşýan işewürleriň we ministrlikleriň işi barada Azerbaýjanyň innowasiýa agentliginiň wekili Tural KERIMLI şeýle gürrüň berýär:

― Türkmenistan bilen Azerbaýjan bir deňziň iki kenaryny paýlaşýar. Şeýle bolansoň, Hazar deňzi arkaly hyzmatdaşlyk türkmen hem-de azeri halklarynyň arasynda asyrlardan bäri dowam edýär diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Azerbaýjan bu sergä 20-den gowrak kompaniýa we dürli taraplar bilen wekilçilik edýär. Olaryň arasynda ulag, kommunikasiýa tehnologiýalary, ykdysadyýet, nebit-gaz, syýahatçylyk, eksport we import ýaly ugurlaryň wekilleri bar. Azerbaýjanyň sergi bölümleri diňe bir umumy pawilýonymyz bilen çäklenmeýär. Sergileriň ikisinde hem Azerbaýjana degişli kompaniýalaryň bölümlerine gabat gelersiňiz.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde käbir kompaniýalarymyzdyr ministrliklerimiz Türkmenistan, şol sanda beýleki Hazarýaka döwletleri bilen täze ylalaşyklary gazanmagy meýilleşdirýär. Umuman, bu serginiň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasyna öwrüljekdigine ynanýarys.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň