Bolgariýanyň premýer-ministri birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşýar

07:4712.08.2019
0
1085

10-njy awgustda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

11-nji awgustda B.Borisow Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, myhman bu ýerde häzirki zaman awtosenagat ulgamynyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldy.

Saparynyň çäklerinde Bolgariýanyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Bolgariýanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň geçirilmegi hem-de resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilendir.

12-nji awgustda Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy. Şeýle hem ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan medeni çärelere hem-de dabaralara gatnaşdy.    

Bu forumyň iki ýurduň wekiliýetleriniň wekilleriiniň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin netijeli meýdança bolandygyny bellemek zerurdyr. Bolgariýanyň we Türkmenistanyň işewürlik toparynyň wekilleri üçin tegelek stol geçirildi. Mundan başga-da, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi, onuň barşynda taraplar hususan-da energetika, derman senagaty, ulag, bilim we ylym ulgamlaryndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň