Soňky habarlar

Arhiw

Awazada IRU-nyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

07:4212.08.2019
0
803

11-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty ýazýar.  

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen gatnaşyklarynyň, hususan-da ulag hem-de üstaşyr geçiriji infrastrukturalaryň ösdürilmegi ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar. Myhman ykdysady hem-de sosial ösüşi gazanmak maksady bilen Ýewraziýa giňişliginde durmuşa geçirilýän ulag ýollarynyň kämilleşdirilmeginiň prosesine Türkmenistanyň saldamly goşandyny aýratyn nygtap geçdi. Şeýle-de «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasynyň çäklerindäki bilelikdäki teklipler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar halkara kadalarynyň we talaplarynyň nazarda tutulmagy bilen hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň