Soňky habarlar

Arhiw

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde türkmen-rus gepleşikleri geçirildi

07:4012.08.2019
0
822

11-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Myhman sebitleýin durnuklylygyň we integrasiýanyň saklanylmagynda Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini nygtamak bilen, birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň aýdylanlaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdi.  

Taraplar şeýle hem iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geljekki ähmiýetli taslamalar bilen birlikde syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky gatnaşyklary has hem giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň