Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Bahtarin (Russiýa): «Biz Türkmenistana döwrebap GAZ awtoulaglaryny getirmek isleýäris»

01:1212.08.2019
0
8380

Şu gün Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasiýa tehnologiýalar halkara sergisi we "Türkmen sährasy - 2019" halkara awtomobil sergisi öz işine başlady. Mälim bolşy ýaly, bu goşa sergi birinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde geçirilýär. Bu sergiler arkaly Russiýanyň wekiliýeti türkmenistanyň awtoparkyny öz önümleri bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýär. "GAZ awtomobil toparynyň" marketing we daşary döwda bölüminiň müdiri Mihail Bahtarin hyzmatdaşlygyň şu güni we geljegi barada "Türkmenportala" şeýle gürrüň berdi:

–  Türkmenistandaky awtomobil sergisine biz döwrebap awtoulaglaryň tutuş bir toplumy bilen gatnaşýarys. Soňky ýyllaryň dowamynda GAZ kysymly awtoulaglarymyzyň önümçiligine düýpli täzelikleri girizendigimizi aýtmak isleýäris. Mysal üçin, maşgala üçin niýetlenýän ГАЗон NEXT awtoulagy ozalkysyndan has döwrebap şertler bilen üpjün edildi. Täzelikleri müşderilerimiz ulagyň her bir bölüminde görüp biler.     

–Sergä gatnaşmakdan, siziň esasy maksadyňyz näme?

– Biz şeýle owadan we döwrebap GAZ ulaglarymyzy siziň ýurduňyzda hem köpeltmek, Türkmneistanyň ulag ulgamyna öz goşandymyzy goşmak isleýäris. Biziň ulaglarymyz ulaglarymyz kiçi telekeçilik bilen meşgullanýanlar üçin has-da amatly bolup biler. 

– Türkmenistana saparyňyz sizde nähili täsir galdyrdy?

– men Aşgabatda hem boldum. Bu gözel şäheri diýseň haladym. Türkmenbaşyda bolsa döwrebap sergi ýokary derejede gurnalypdyr. Bize bu ýerde ähli zat ýaraýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň