Soňky habarlar

Archive news

TÝL - 2019: "Energetik" myhmançylykda "Aşgabatdan üstün çykdy

23:2911.08.2019
0
375
TÝL - 2019: "Energetik" myhmançylykda "Aşgabatdan üstün çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda paýtagtymyzyň “Aşgabady” “Energetigi” kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýazýar.

Netijeli urgularyň bäşisi geçirilen duşuşyk 3:2 hasabynda “Energetigiň” peýdasyna tamamlandy. Myhmanlara ýeňiş getiren toplaryň ikisini Pirmyrat Gazakowyň geçirendigini aýratyn bellemek gerek.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyryna 22-nji awgustda badalga berler.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Aşgabat” – “Energetik” – 2:3

Gollar: 10 Boris Iwanow, 42 Gahrymanberdi Çoňkaýew (“Aşgabat”) – 9 Azady Annadurdyýew (öz derwezesine), 38, 56 Pirmyrat Gazakow (“Energetik”)

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň