Soňky habarlar

Arhiw

Hazarýaka döwletleriniň arasynda bäştaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

22:2511.08.2019
0
9212

Birinji Hazar ykdysady forumyň çäreleriniň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi divip, TDH habar berýär.

Sebitiň ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda eýeleýän orny we ähmiýeti, sanly ykdysadyýet hem-de aýratyn ykdysady zolaklar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Şeýle hem gün tertibine bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri baradaky mesele girizildi.

Duşuşykda dünýä geoykdysady üýtgemeleriň häzirki tapgyrynda sebitleriň hyzmatdaşlygyň guralynyň diňe bir ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň guraly hökmünde däl-de, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde möhüm şert bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamy özüniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, ählumumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän iri taslamalaryň başyny başlaýar.

Duşuşygyň dowamynda ýörite, erkin ykdysady zolaklary (EYZ) kemala getirmek we ösdürmek meselelerinde tejribeleriň açylmagyna aýratyn üns berildi, häzirki wagtda şeýle zolaklar dünýä hojalyk gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. EYZ-laryň döredilmeginiň milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrjakdygyny, Hazarýaka döwletleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltjekdigini hem-de ahyrky netijede ýurtlaryň gülläp ösmegine we halklaryň abadançylygyna eltjekdigini çykyş edenler bellediler.

Şunda ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri ýatlatmak ýerlikli bolar. Mysal üçin, döwlet Baştutanymyzyň ýörite Karary bilen degişli Konsepsiýa tassyklanyldy, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi içerki sarp ediş bazarynyň harytlar bilen doly üpjün edilmegine, ilat üçin iş orunlarynyň döredilmegine, býujete daşary ýurt pullarynyň gelip gowuşýan möçberleriniň artdyrylmagyna, şeýle hem tehnologiýalaryň we häzirki zaman dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberleriniň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Sanly ykdysadyýet ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi, ol sebitiň ähli ýurtlarynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürülýär. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman dünýäsini maglumatlar tehnologiýalary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl, bu tehnologiýalar dürli ulgamlaryň işiniň görnüşlerini özgertdi we ýeňletdi, täze bazar mümkinçiliklerini açdy.

Sanly düzümleriň peýda bolmagy, kompýuter tehnologiýalarynyň ösdürilmegi maglumatlar ulgamlarynda uly mümkinçilikleri döredýär, olaryň jemgyýetiň ykdysady durmuşyna ornaşdyrylmagy bolsa sanly ykdysadyýetiň binýadyny kemala getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda mundan beýläkki hereketleriň bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy, munuň özi Hazarýaka döwletleriniň işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasynyň kabul edilendigini bellemek gerek, onda bu Konsepsiýanyň amala aşyrylmagynyň usullary we gurallary, garaşylýan netijeler anyk kesgitlenýär. Bu maksatnamalaýyn resminamanyň esasy ugurlarynyň biri ähli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmakdan, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem söwda-ykdysady meseleler boýunça kanunçylyk namalaryny, standartlary, kadalary we statistika maglumatlary alyşmagyň maksada laýyklygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şertnamalaýyn binýady pugtalandyrmak barada teklip aýdyldy.

Wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek gün tertibiniň meseleleriniň biridir, munuň özi geljekde sebitiň ykdysady ösüşine oňyn täsir eder. Bäş ýurduň wekiliýetleriniň baştutanlary şeýle görnüşdäki duşuşyklary yzygiderli ýagdaýda geçirmäge, netijeli sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri boýunça işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanmalaryny tassyklap, Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň