Türkmen tennisçileri Täjigistanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

23:0710.08.2019
0
1118

Şu ýylyň 23 - 27-nji awgusty aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde tennis boýunça ýurduň Prezidentiniň kubogyny almak boýunça 10-njy halkara ýaryş geçiriler. Bu ýaryşa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna hem çakylyk iberildi.

Federasiýadan berilýän maglumata görä, Duşenbedäki halkara ýaryşa ýurdumyzdan 6 türgen gatnaşar. Olaryň dördüsi erkekler, galan ikisi zenan türgenlerdir. Has takygy, erkekler ýygyndymyza Amir Bäşimow, Allanur Daýanjow, Kakajan Baýramgeldiýew we Serdar Wepamyradow wekilçilik eder. Rožan Karajaýewa bilen Aişa Bikbulatowa bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýurdumyzyň sport abraýyny gorar. Milli ýygyndymyz tälimçi Andreý Dowmatowyň ýolbaşçylygynda ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň