Soňky habarlar

Arhiw

Joşua bilen Ruiziň haklaşyk duşuşygynyň wagty belli boldy

18:2710.08.2019
0
1418

Beýik britaniýaly boksçy Entoni Joşua bilen meksikaly Endi Ruiziň rewanş tutluşygynyň wagty we nirede geçiriljekdigi belli boldy. Geçirilen gepleşiklerden soň, Joşua bilen Ruiz şu ýylyň aýagyna, has takygy, 7-nji dekabrda Saud Arabystanynyň Diriýe şäherinde haklaşyk tutluşygy üçin ringe çykarlar. Olaryň iýun aýynda ABŞ-da geçiren tutluşygynda garaşylmadyk ýagdaý Ruiz ýeňiş gazanyp, Joşuanyň WBA, WBO hem-de IBF ugurlary boýunça çempionlyk guşaklaryny alypdy. Bu ýeňliş 22 tutluşygynyň 21-sini nokaut bilen ýeňen 29 ýaşyndaky Joşuanyň ilkinji ýeňlişi bolupdy. 29 ýaşyndaky Ruiz bolsa, geçiren 34 duşuşygynyň 22-sini nokaut bilen jemi 33 duşuşykda ýeňiş gazandy. Onuň 1 ýeňlişi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň