Soňky habarlar

Arhiw

“Hasar” hojalyk jemgyýetinde süýji, kökeleriň 100-e golaý görnüşi öndürilýär

16:5910.08.2019
0
4049

“Hasar” hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň 100-e golaý görnüşi öndürilýär. Olaryň her gün 35 tonnadan gowragy söwda nokatlaryna ugradylýar. «Kerwen », «Awaza », «Ak guw», «Bedew », «Akja », «Ýaşlyk », «Käkilik », «Aşgabat », «Dessan », «Bahar », «Keýik », «Peri », «Altyn Aý», «Nowruz », «Kebelek », «Rowaýat », «Hazyna », «Tawus » ýaly atlar bilen atlandyrylan konditer önümlere isleg köp. Süýjüleriň, kökeleriň, wafileriň zefirli, peýnirli, kremli, bally görnüşleri, süýji marmeladlar alyjylaryň islegli tagamlary. Bu tagamlaryň daşky örtükleride özüne çekiji. Örtükleriň bezelişi türkmen tebigatynyň haýwanat we ösümlik dünýäsini, milli mirasymyzy sypatlandyrýar. Hojalyk jemgyýeti öz önümleri bilen ýurdumyzda geçirilýän sergilere yzygiderli gatnaşyp gelýär. Daşary döwletlerde geçirilýän halkara sergilerinede gatnaşýarlar. Hojalyk jemgyýetimizde önümlerimiziň dünýä nusgasyna laýyklygyna güwä geçýän ISO 9001 we azyk howpsuzlygynyň ISO 22000 resmi şahadatnamasy bar. Indi birnäçe ýyldan bäri ekologiýa taýdan arassa önümler daşary ýurtlarada eksport edilýär. «Hasar» harytnyşanly önümleri goňşy Owganystan Yslam Respublikasynda eýýäm 16 ýyldan bäri bellidir. Şeýlede, Täjigistana, Birleşen Arap Emirliklerine, Yraga, Saud Arabystany Patyşalygyna önümler eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň