Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenistanyň Çagalar kitaphanasynyň resmi internet saýty öz işine başlady

16:3010.08.2019
0
3933

Ýaňy-ýakynda çagalar kitaphanasynyň ýene-de bir täze, amatly, elýeterli hyzmaty ýola goýuldy. Ýurdumyzyň çagalar kitaphanasynyň resmi «chagalar-kitaphana.gov.tm» internet saýty öz işine başlady.

Saýtyň açylanyna entek onçakly köp wagt geçmedik bolsa-da, ol eýýäm müňlerçe körpe okyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Täze kitaphananyň saýtynyň giň mümkinçilikleri bolup, ol Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň binýadynda döredildi. Täze saýtda birnäçe kitaphana hyzmatlary onlaýn görnuşinde ulanyjylara hödürlenilýär. Şeýle-de bu saýt ýokary çeperçilik bezeglerine eýedir. Onlaýn kitaphana birnäçe bölümlerden ybarat bolup, bu ýerde çagalar kitaphanasyna degişli fotosuratlar, gyzykly maglumatlar, dürli žanrdaky elektron kitaplar ýerleşdirilipdir. Elektron kitaplar diňe körpe okyjylar üçin däl-de, eýsem, uly ýaşly kitapsöýüjilere hem niýetlenendir. Saýtdaky maglumatlaryň türkmen we rus dillerinde beýan edilmegi bolsa, kitaphananyň okyjylarynyň sanynyň has-da artmagyna oňaýly şert döredýär. Saýtyň degişli bölümlerinde makalalar, täzelikler giň orun aldy. Täze «chagalar-kitaphana.gov.tm» onlaýn kitaphanasyndan özüňe gerekli kitaby hiç wagt ýitirmezden, bary-ýogy birnäçe sekundyň içinde tapmaklyk üçin ýörite «Gözleg» penjiresi hyzmat edýär. Bu bolsa kitaphananyň mümkinçiligini ýene-de giňeldýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň