Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili birinji Hazar ykdysady forumynyň myhmanlaryny kabul edilýär

12:1310.08.2019
0
11902
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili birinji Hazar ykdysady forumynyň myhmanlaryny kabul edilýär

8-nji awgustdan bäri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline diňe bir paýtagtymyzdan däl, daşary ýurtlaryň ençemesinden howa ulaglary gelip gondy. Uçarlar kenarýaka şäheriň howa menziline birinji Hazar ykdysady forumynyň daşary ýurtly myhmanlaryny alyp geldiler. Menzile gonan uçarlaryň arasynda Türkiýäniň Stambul, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherlerinden gelip gonan uçarlar bar.

Myhmanlar Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerligi - güler ýüz, duz-çörek bilen garşylanýar. Bu bolsa Hazaryň türkmen kenaryna gadam basan ilkinji pursatlaryndan başlap, olarda ýakymly duýgulary oýarýar. Daşary ýurtly myhmanlar ýörite ulaglar bilen alnyp gaýdylyp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky döwrebap myhmanhanalardyr ýaht-klublarynda ýerleşdirilýär. Häzir "Şamekan", "Gämi", "Deňiz", "Bagtyýar", "Hazar", "Hasyl", "Hazyna", "Bekarar" ýaly myhmanhanalara we "Ýelken", "Tolkun" ýaht-klublaryna daşary ýurtly myhmanlaryň ýüzlerçesi geldi.

Ozal hem habar berlişi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň daşary ýurtly myhmanlary diňe Hazarýaka döwletleri bilen çäklenmeýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işewür gatnaşyklary geçirmäge ýa-da dünýä metbugatynda bu taryhy forumy beýan etmäge gelen myhmanlaryň müňlerçesi şu günler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýygnandy. Ýeri gelende aýtsak, şu gün, 10-njy awgustda ikitaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşiklere badalga berildi. Olar boýunça degişli kararlara gelnip, birinji Hazar ykdysady forumynyň ilkinji ylalaşyklary gazanyldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň