Soňky habarlar

Arhiw

"Tekmil" hususy kärhanasynyň hünärmenleri Hazaryň kenarynda ägirt sahna taýýarladylar

06:0110.08.2019
0
6424

12-nji awgust agşamy Türkmenistanly we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek  gala konsert birinji Hazar ykdysady forumynyň mynasyp jemlemesine öwrüler. Awazadaky suw çüwdürimleri toplumynda geçiriljek konserte sungat wekilleri hem, dizaýnerler hem birnäçe wagtyň dowamynda güýçli taýýarlyk gördüler.

Hemişe bolşy ýaly, esasy sahnanyň dizaýnyna uly üns berildi. Ony Dubaý şäherinde geçiriljek EKSPO ― 2020 sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurnamak ynanylan «Tekmil» hususy kärhanasynyň hünärmenleri taýýarlady. Bu hususy kärhanada taýýarlanan taslamalaryň ozal hem birnäçe gezek döwrüň synagyndan geçendigini ýatladýarys. Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Aşgabat— 2017-niň» käbir medeni sahnalaryny, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň esasy sahnasyny, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, ABU-nyň VII aýdym-saz festiwalyny, ýurdumyzyň Baş arçasyny, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň esasy dabaralaryny multimediayşyklandyryjy enjamlar bilen bezemek «Tekmil» hususy kärhanasyna ynanyldy.

Gala konsert üçin Awazada gurnalan tolkun şekilli sahna 450 inedördül metr meýdany eýeleýär. Onda wideomonitorlar üçin hem ýer goýlupdyr. Konsertiň bütin dowamynda sahnany ýerine ýetirilýän eserleriň ruhuna kybapdaş şöhleler bezär. Hususy kärhananyň hünärmenleri konsertde ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän her bir aýdym-saz eseri üçin aýratyn öwüşginli bezegi taýýarladylar. Sahna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň medeniýet merkeziniň buýurmasy boýunça taýýarlanyldy.

Häzir müň bir öwüşginli sahnanyň soňky taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Konsertde çykyş etmek üçin sungat ussatlarynyň we döredijilikdir tans toparlarynyň hem Awaza ýygnanandygyny aýtmak gerek. Mahlasy, birinji Hazar ykdysady forumyna aýdym-saza beslenen, reňbe-reň jemleýji dabara garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň