Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Gyrgyzystanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

01:4210.08.2019
0
6492

"Sport.kg" saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy şu ýyl Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýatynyň Karakul şäherinde geçiriljek "Umytlaryň kubogy - 2019" atly halkara ýaryşa gatnaşar. Ýaryşda türkmenistanly zenan futbolçylar ýer eýelerinden başga-da, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary bilen hem güýç synanyşarlar. Ähli duşuşyklaryň Karakuldaky Milli stadionda geçirilmegine garaşylýar.

Salgylanýan çeşmämizde ýaryşyň geçiriliş tertibi hem görkezilýär. Şol tertibe görä, türkmenistanly zenan futbolçylar 8-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň (18:00), 9-njy sentýabrda Özbegistanyň (14:00), 10-njy sentýabrda Täjigistanyň (14:00) ýygyndysy bilen duşuşar. Üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary 12-nji sentýabrda geçiriler.

Tejribeli tälimçi, türkmen futbolynyň ýyldyzlarynyň biri Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy üçin bu halkara ýaryş kämillik ýolunyň bir ädimine öwrüler. Milli ýygyndymyz ýakynda Bolgariýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny hem geçdiler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň