Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hazar deňzi instituty döredildi

00:4710.08.2019
0
2819

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işi bes edilip, onuň binýadynda Hazar deňzi instituty dörediler. Hazar deňziniň sebtinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle-de hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilşine syn etmek we hazar deňzine degişli bolan usylýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen Hazar deňzi instituty döredilip, täze institutynyň işine gözegçilik etmek Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üstüne ýüklenildi.

Hazar deňzi institutyny işini bes eden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugunyň adyny üýtgetmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 3405-nji Permanynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň çözgütleriniň 2001-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň, 299-njy maddasy 3-nji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň