Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: "Şagadam" myhmançylykda "Köpetdagdan" asgyn geldi

22:3209.08.2019
0
4559

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyryna badalga berildi. Açylyş duşuşygynda "Köpetdag" "Şagadamy" kabul edip, myhman topary 2:0 hasabynda ýeňdi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň pökgülerini 13-nji minutda Batyrgylyç Berdiýew, şondan 20 minut soňra Döwlet Seýitmuhammedow geçirdi.

Bu utulyşdan soň "Şagadam" 29 utuk bilen ýaryş tertibiniň üçünji ornunda galdy. Utugyny 22-ä çykaran "Köpetdag" bolsa ýaryş tertibinde onuň goňşusy boldy. Şeýlelikde, "Köpetdag" şu möwsümde 20 utuk toplan dördünji topar boldy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň IIM-niň topary möwsümde garşydaş toparlara geçiren pökgüleriniň sanyny hem 20-ä deňledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň