Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

21:5409.08.2019
0
3315

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mýuriel Peneweýreden ynanç hatyny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda hanym Mýuriel Peneweýre ýurdumyzda amala aşyrylýan, döwletimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň we maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ilçä milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi barada habar berildi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ösdürilýän türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygy bellenildi.

Duşuşykda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ynsanperwer ulgamlary, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklara özara islegiň bardygy bellenildi. Parlamentara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri barada-da durlup geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň