Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

15:1909.08.2019
0
9981

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 15-nji oktýabrda Kuweýtiň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada "Data Sports Group" habar berýär. Duşuşygyň "Al-Kuwýt" sport toplumynda geçirilmegine garaşylýar.

Türkmen futbolçylary Kuweýtiň ýygyndysy bilen mundan ozal üç duşuşyk geçirdi. Olaryň ikisi garşydaşlarymyzyň ýeňşi, biri bolsa deňme-deňlik bilen tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen futbolçylary Dünýä çempionaty - 2022-niň we Aziýa kubogy - 2023-iň saýlama tapgyrynda 5-nji sentýabrda myhmançylykda Şri-Lanka, 10-njy sentýabrda Aşgabatda Koreýa Respublikasy bilen duşuşar. Futbolçylarymyz 10-njy oktýabrda myhmançylykda Liwan bilen duşuşar. Milli ýygyndymyz dördünji tapgyrda dynç alýandygyna garamazdan, topardaşlarymyzyň hut şol tapgyryň duşuşyklaryny geçirýän güni Kuweýt bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Kuweýtiň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde häzir 156-njy orny eýeleýär. 1980-nji ýylda Aziýa kubogyna-da mynasyp bolan ýygynda häzir horwatiýaly hünärmen Romeo Ýozak tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň