Soňky habarlar

Arhiw

Aziz Kambarow: "Duşenbedäki ýaryş bize tejribe toplamakda uly peýda berer"

14:3409.08.2019
0
4344

Şu gün Täjigistanda 19 ýaşa futbolçylaryň arasynda Merkezi Aziýanyň fotbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna badalga berilýär. Birinjilik ugrunda Türkmenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, täjigistanyň we Owganystanyň ýygyndylary göreşer. Ýaryşyň öňüsyrasynda Duşenbe şäherindäki "Täjigistan" myhmanhanasynda metbugat maslahaty geçirildi we onda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Aziz Kambarow garaşýan netijesi barada şeýle diýdi:  

«Täjik halkyna ajaýyp myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Bu ýaryşa gatnaşmak biziň üçin Aziýa çempionaty - 2020-niň saýlama tapgyrynyň netijeli taýýarlygyna öwrüler. Saýlama tapgyrda bize Katar, Ýemen, Şri-Lanka ýaly güýçli ýygyndylar garaşýar. Duşenbedäki ýaryş arkaly biz özümiziň tejribämizi has artdyryp bileris. Biz ýakynda Ankarada hem netijeli ýygnanyşyk geçirdik» diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy türkmenistanly tälimçiniň aýdanlaryny getirýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň