Soňky habarlar

Arhiw

Uçýan awtoulag synagdan geçirildi

13:2409.08.2019
0
1366

Ýaponiýada işlenip düzülen uçýan awtoulagyň nusgalyk görnüşi bilen synag uçuşy geçirildi. Çiba ştatyndaky Abiko desgasynda geçirilen synagda 148 kilogramlyk ulag bir minutlap ýerden 3 metr belende galdy. NEC şereketiniň işläp düzen ulagyny dört peri ýokary galdyrýar. Bu ulag köpçülikleýin öndürilmek üçin däl-de, uçýan ulaglaryň programmalaryny kämilleşdirmek maksady bilen ýasalypdyr. Ýurtda “Cartivator” atly şereket “Panasonic” we “Toyota Motor” ýaly segsen töweregi firmanyň goldaw bermeginde uçýan awtoulag işläp taýýarlaýar. Şereket 2026-njy ýyldan başlap uçýan awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýmagy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň