Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awazadaky täze gurluşyklaryň taslamasy bilen tanyşdy

05:4609.08.2019
0
10596

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şunda, esasan, kottej görnüşli taslamalar hödürlenilýär, olary kenarýakada bina etmek meýilleşdirilýär, bu ýerde binalaryň aýratynlyklary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berilýär, dürli çyzgylar we eskizler görkezilýär.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar. Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.

Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy meýdany 10 gektara deň bolup, onda ýylyň islendik paslynda ýaşamak hem-de dynç almak üçin has amatly şertler dörediler.

Kottej toplumynda jemi 768 adama niýetlenen 192 otag ýerleşdiriler. Mundan başga-da, onuň çäginde türkmeniň «ak öýi» görnüşindäki desga gurlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň