Soňky habarlar

Arhiw

Awazada ekowelosiped kärende hyzmaty ýola goýuldy

04:5309.08.2019
0
8300

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda welosipedi kireýine bermegiň täze ulgamy işläp başlady. Onuň işleýiş usuly bilen penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy.

Döwlet habarlar agentliginde ýazylyşy ýaly, häzir Awazada ekowelosiped kärende nokatlarynyň üçüsi bar. Russiýanyň "WeloTeh" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň biziň habarçymyza aýtmagyna görä, geljekde şeýle nokatlar 17-ä çenli artdyrylyp, Awaza jemi 500 ekowelosiped getiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň