Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

20:5908.08.2019
0
8251

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça 500 kilowolt güýjenmesi bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Gurluşyk işleriniň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem elektrik energiýasyny üstaşyr ibermäge mümkinçilik berer, bu ýurtlaryň hökümetleri taslamanyň çalt amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de bu taslama bilen baglanyşykly ähli işleriň şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň