Soňky habarlar

Arhiw

Roman Lizalin: «Türkmenistan üçin niýetlenen gämi aýratyn yhlas we üns bilen gurşaldy»

18:4908.08.2019
0
5687

Habar berşimiz ýaly, şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna "Rowaç" atly täze ýolagçy gämisi gelip gowuşdy. Gäminiň Russiýa - Türkmenistan ugrunyň kapitany, "Ak bars" korporasiýasynyň wekili Roman Lizalin habarçymyza şeýle gürrüň berdi:

― «A ― 145» diýlip atlandyrylýan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi uly mümkinçiliklere eýedir. Ol gämi gurluşygynyň iň täze gazananlaryna esaslanyp düzüldi. Biziň kärhanamyzda şeýle göwrümdäki bir gämi, ortaça, bir ýylyň dowamynda gurnalýar. Ýöne «Rowaja» has uly yhlasyň siňdirilendigini aýtmak gerek. Çünki «Rowaç» biziň kärhanamyzdan Türkmenistana getirilen ilkinji gämidir. Dostlukly halkyň, şol bir wagtyň özünde-de täze hyzmatdaşlarymyzyň ynamyny ödemek biziň üçin uly jogapkärçilikdir.

Ýokary tizlikli ýolagçy gämisi Türkmenistanyň tebigy we howa şertlerine doly laýyk getirilendir. Biziň ýurdumyzyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, gämi has kuwwatly sowadyjylar, matorlar bilen üpjün edildi. Gämide bir wagtyň özünde 126 ýolagça ýokary derejede hyzmat ediler. Iki gatly gäminiň birinji gaty ýolagçylara niýetlenipdir. Bölümiň merkezinde mini-bar ýerleşip, onda ýörite hünärmen ýolagçylara hyzmat eder. Maýyşgak we rahat oturgyçlar ýoluň ýadawlygyny aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem gämide ýolagçylaryň wagtyny gowy geçirmegine niýetlenen monitorlar ýerleşdirilipdir.

Ikinji gatda gäminiň ekipažynyň bölümi ýerleşýär. Uzak ýola düşülende gämide kenar bilen emeli hemra arkaly aragatnaşyk saklamaga-da mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Açyk asmanyň astyndaky bölümde bolsa ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar üçin niýetlenen enjamlar ýerleşdirildi. Gämi 6 adam arkaly dolandyrylýar. Ýöne ýolagçylara hyzmat etjek hünärmenleri hem hasaba alanyňda, ekipaž 13 adama çenli ýeter.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň