Soňky habarlar

Arhiw

Hazaryň türkmen kenaryna "Rowaç" atly täze gämi gelip gowuşdy

18:4108.08.2019
0
7504

Birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda, şu gün Hazar deňziniň türkmen kenaryna - "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky "Tolkun" ýaht-klubynyň çägindäki gämi duralgasyna Tatarystan Respublikasynda öndürilen "A-145" atly ýolagçy gämisi gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasynda gelnen ylalaşyga görä, Hazaryň türkmen kenaryndaky deňiz ýollary hyzmatlarynyň üstüni ýetirjek gämi Türkmenbaşy - Gyzylsuw, Türkmenbaşy - Hazar aralygynda gatnar. Ol 126 ýolagça niýetlenendir.

Mundan bir aýa golaý ozal - 13-nji iýulda Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistana sary ýola düşen gämi birinji Hazar ykdysady foruymynyň öňüsyrasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip gowuşdy. Tatarystanly myhmanlaryň aýdyşy ýaly, gämi Türkmenistanyň tebigy we howa şertlerine doly laýyk getirilendir. Gäminiň aýratynlyklarynyň ýene-de biri onuň ýokary tizliklidigidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň