«Çeper tikin» kärhanasynda 7 aýyň jeminde 4 mln 920 müň 484 manatlyk önüm öndürildi

10:5308.08.2019
0
1573

Daşoguz şäherindäki «Çeper tikin» kärhanasynda işleriň göwnejaý, şu güniň talabyna laýyk alnyp barylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu ýerde tikin önümleriniň dürli görnüşlerini taýýarlamaga niýetlenen kämil enjamlar goýlup, olar hünärmenler tarapyndan doly güýjünde işlenilýär. Öndürilýän önümleriň köpüsi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Taýýar önümleriň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan welaýatdaky dükanlarynda ilata ýetirilýär. Bäsleşige ukyply, uly ýaşlylar we çagalar üçin dürli görnüşdäki eşikler, maşgalalarda ulanylýan ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň we beýleki dürli görnüşli harytlaryň hassahana geýimleriň, aşpezler üçin penjekleriň, kärhanalaryň işçileri üçin ýöriteleşdirilen geýimleriň 100-den gowrak görnüşleri taýýarlanylýar. Häzirki wagtda bu ýerde mekdep okuwçylaryna niýetlenilen dürli görnüşli eşikleriň öndürilip başlanandygyny bellemek möhümdir. Geçen 7 aýyň jeminde 4 mln 920 müň 484 manatlyk önüm öndürilip, bellenilen meýilnama 123 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň