Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysyny çalyşdy

23:3107.08.2019
0
14183

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysyny çalyşmak barada Permana gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýew Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine bellenip, ol bu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Polkownik Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanow bolsa saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Mälim bolşy ýaly, Maksat Hudaýkulyýew Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň ýolbaşçysy wezipesinde hem işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň