Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: Pirmyrat Sultanowyň het-trigi "Ahalyň" "Aşgabady" ýeňmegine getirdi

20:1907.08.2019
0
5268

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde “Aşgabat” toparyny kabul eden “Ahal” uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Röwşen Meredowyň tälim berýänleri garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirmegi başardylar diýip, TFF ýazýar.

Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 30-a ýetiren “Ahal” ýaryş tertibinde ikinji basgançaga geçdi. Bu topar ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Altyn Asyr” toparyndan iki utuk az toplady. Bu tapgyrda “Merw” bilen deňme-deň oýnan “Şagadam” üçünji orna geçdi.

Futbol çempionatymyzyň 16-njy tapgyry 9-njy, 10-njy hem-de 11-nji awgustda geçiriler. 16-njy tapgyryň merkezi duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary duşuşar.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Ahal” – “Aşgabat” – 5:0

Gollar: 15, 84 Didar Durdyýew, 36, 39, 70 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň