Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary Bolgariýada geçirilen 26-njy halkara matematika olimpiadasynda 8 medal gazandylar

11:0406.08.2019
0
28631

Türkmen talyplary Bolgariýada geçirilen 26-njy halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen talyplary her ýyl döwlet derejesinde we halkara derejeli bäsleşikleriň ençemesine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu halkara ders olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 14-si gatnaşyp, olardan 8-si dürli derejeli medala ýagny, 2 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medala mynasyp boldular. 65 döwletden 120-den gowrak ýokary okuw mekdepleriň toparlaryna wekilçilik eden 360 talybyň gatnaşmagynda geçen bu ders olimpiadasynda Ramazan Bagtyýarow, Perman Iljanow altyn medala, Döwran Nurgeldiýew, Mekan Hojaýew, Myrat Amandurdyýew kümüş medala, Seýitmuhammet Şamyradow, Myrat Çaşemow, Akmyrat Tirkeşow bürünç medala mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň