Ante Mişe: "Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşygyndan ozal Dubaýda gysga wagtlyk ýygnanyşykda bolarys"

21:5705.08.2019
0
11674

Surat: Grude.com.

"Türkmenportal" tarapyndan guralan söhbetdeşlikde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe Dünýä çempionaty - 2022-niň saýlama tapgyryna görülýän taýýarlyk barada gürrüň berdi.

– Jenap Mişe, Siz dynç alyşdan gaýdyp geldiňiz. Ol nähili geçdi?

– Men dynç alyşymy maşgalamyň arasynda örän netijeli we wagtyhoş geçirdim. Gyzymyň toýy boldy.

– Gutlaýarys!

– Sag boluň!

– Dünýä çempionaty - 2022-niň saýlama tapgyry üçin bije çekilişikde Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna düşen garşydaşlar barada siz nähili pikirde?

– Netije has gowy, tersine, has erbet hem bolup bilerdi. Toparçamyz - ortaça, juda bir kyn toparça däl. Toparçadaky iň güýçli ýygyndy - Koreýa Respublikasy. Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň ýygyndysy Liwan hem-de Şri-Lanka bilen deňeçer güýçde. Diňe Şri-Lanka beýleki ýygyndylara görä biraz ejiz diýip bolar. Biz toparçada ikinji orny eýelemek üçin göreşeris.

– Käbir hünärmenler Gyrgyz Respublikasynyň milli ýygyndysynyň toparçadan çykyp biljek derejede güýçlüdigini aýdýarlar. Täjigistanyň ornuna bu toparçada ("G" toparça) bolmak islemezdiňizmi? Size haýsy has gowy bolardy?

– Ýok, men Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň özüne mynasyp toparçada ýerleşendigine ynanýaryn. Gyrgyzystan hem-de täjigistan bilen biz birek-biregi juda gowy tanaýarys. Ýöne meni, esasan, öz toparçamyz gyzyklandyrýar. Elbetde, sebitdeş goňşularymyz hökmünde olar bilen hem azda-kände gyzyklanýarys. 

– Saýlama duşuşyklaryň başlanmagyna wagt az galdy. Siz taýýarlygyň meýilnamasyny düzdüňizmi?

– Hawa, biz 30-njy awgustda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Dubaý (BAE) şäherine ugrarys. Bu ýerden 3-nji sentýabrda Şri-Lanka ugrarys. Duşuşygyň geçjek ýerinde 3-nji we 4-nji sentýabr günlerinde iki türgenleşigimiz bolar. 5-nji sentýabrda bolsa Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen Dünýä çempionaty - 2022-ä gatnaşmak hukugy üçin duşuşyga çykarys.

– Diýmek, ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmäge wagt galmaýar-da!

– Hawa, wagt ýok. Çünki 27-nji awgustda "Altyn asyr" AFK-nyň Interzolagynyň ýarym finalynda jogap duşuşygyny geçirer. Oýunçylaryň gysga wagtlyk dynç alyşyndan soňra bolsa Dubaýa ugrarys.

– Şri-Lanka bilen boljak duşuşyga çagyrylan futbolçylar belli boldumy?

– Düzüm 20-nji awgustda belli bolar.

– Uganda bilen bolan duşuşyga görä käbir futbolçylar çalşylarmy ýa-da, esasan, şol düzüm göz öňünde tutulýarmy?

– Ugandanyň ýygyndysy bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda bizde 23 futbolçy bardy. Elbetde, şikes bolmasa, düzümde käbir üýtgeşmeler bolup biler, ukybyna görä, täze futbolçylary hem milli ýygynda çagyrmagymyz mümkin. 

– Legionerleriň ählisini çagyrmak göz öňünde tutulýarmy?

– Häzirki wagtda biz daşary ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýän alty sany türkmenistanly futbolçyny göz öňünde tutýarys. Olar Ruslan Mingazow, Arslanmyrat Amanow, Artur Geworkýan, Wahyt Orazsähedow, Amir Gurbany we Ahmet Ataýew. Eger futbolçy öz toparynda yzygiderli oýnaýan we ol toparyň esasy futbolçylarynyň birine öwrülip bilen bolsa, elbetde, biz oňa çakylyk iberýäris. Öňdäki duşuşyk üçin hem ýagdaýlary seljereris. Häzir şu alty futbolçyny çagyrmak meýilleşdirilýär. Beýleki teklipleri hem öwreneris. 

– Diýmek, Malaýziýada çykyş edýän ildeşimiz Ahmet Ataýew hem göz öňünde tutulýanlaryň sanawynda-da!

– Ol giňeldilen düzümde. Oýunçy Malaýziýanyň çempiony "Sabahyň" düzüminde yzygiderli oýnap, tejribesini artdyrdy. Giňeldilen düzümde türkmen toparlaryndan hem käbir futbolçylar bar. Jemleýji çakylyk üçin futbolçynyň ukyby we tejribesi esasy zerurlykdyr.

– Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda "Altyn asyrda" Myrat Ýagşyýewiň ornuna oýna giren Mihail Titowyň ukybyna nähili baha berýärsiňiz?

– Men, elbetde, oýunçynyň arakesmeden soňra ýene ýaşyl meýdana gaýdyp gelmegine şat. Futbolçylaryň ikisiniň hem ukyby bar. Myrat Ýagşyýew oýnuň aglaba böleginde oýnady, Mihail Titow bolsa ätiýaçlykdan girdi. Şikesden soň ol doly ukybynda oýnaýar diýmek kyn. Ýöne onuň duşuşykdan duşuşyga tejribesini baýlaşdyrjakdygyna, özüni dürsejekdigine ynanýarys. Futbolçylaryň ikisi hem giňeldilen düzümimize goşuldy. Eger Titow has ozal kämilleşse, biz has şat bolardyk, häzir bolsa bizde iki sany merkezi hüjümçi bar. Olar Wahyt Orazsähedow bilen Didar Durdyýew. Titow geljekde bularyň üçünjisi bolup biler. Ähli zadyň gowy boljakdygyna ynanýarys. Bu oýunçylaryň üçüsini hem hüjümiň merkezine meýilleşdirýäris. Altymyrat Annadurdyýew bilen Myrat Ýagşyýew bolsa olara ganatlardan ýardam bermek üçin göz öňünde tutulýar.

– "Altyn asyr" Wýetnamyň toparlarynyň biri bilen AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň ýarym finalynda wajyp duşuşyga çykar. Bu duşuşykdan garaşýan netijäňizi hem paýlaşaýsaňyz.

– Hakykatdan-da, "Altyn asyra" juda jogapkärçilikli oýun garaşýar. Wýetnam toparlarynyň güýji barada mende maglumat ýeterlik däl. Siizň hem bilşiňiz ýaly, "Hanoý" "Altyn asyryň" garşydaşy bolmaga has ýakyn. Men toparyň görkezijilerine seretdim. Topar iň soňky gezek mundan 2-3 aý ozal ýeňlip görüpdir. Düzüminde bolsa Senegaldan, Nigeriýadan, Ugandadan we Fransiýadan dört sany legioner çykyş edýär. Gyzykly oýun bolar. Elbetde, men Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde "Altyn asyryň" ýeňiş gazanmagyny isleýärin we toparyň "Hanoý" bilen deňeçer güýçdedigine ynanýaryn. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň