CAFA-nyň çempionatynda (U19) türkmenistanly eminler işlär

11:5805.08.2019
0
6972

Ýaşlar ýygyyndylarynyň gatnaşmagyndaky Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionaty 9-njy – 15-nji awgust aralygynda Täjigistanda geçiriler. Bu ýaryşda sebitiň ýaşlar ýygyndylarynyň (U19) bäşisi baş baýrak ugrunda bäsleşer.

Gelen habara görä, çempionatyň baş utgaşdyryjysy Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Baş sekretary özbegistanly Sanjar Rizaýew bolar. Onuň kömekçisiniň wezipesini gyrgyzystanly Ildar Garifuliniň üstüne ýüklener.

Duşuşyklaryň komissarlarynyň wezipelerini Omid Jamali (Eýran) bilen Mihail Tolkaçow (Gyrgyz Respublikasy) ýerine ýetirerler. Gözegçi eminleri hökmünde türkmenistanly Allabergen Sapaýew bilen eýranly Mohsen Torki işlärler diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

CAFA-nyň çempionatynda alty döwletiň eminleri (Täjigistan, Özbegistan, Eýran, Gyrgyz Respublikasy, Türkmenistan hem-de Owganystan) eminlik ederler.  Çempionatda biziň ýurdumyza FIFA-nyň emini Arslan Goşşanow bilen FIFA-nyň kömekçi emini Akmyrat Gurbanow wekilçilik ederler.

CAFA-nyň çempionaty Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, hem-de Owganystanyň ýaşlar ýygyndylarynyň (U19) gatnaşmagynda geçiriler. Ýeňiji bir aýlawda geçiriljek bäsleşikde kesgitlener. Çempionatyň duşuşyklary Duşenbe şäheriniň merkezi stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň