Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherçesine bardy

07:5305.08.2019
0
8637

Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sürdi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew toplumyň ähli desgalaryny degişli derejede saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany şäherçäniň desgalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamak, olaryň binýadynda ýaryşlary geçirmek hem-de türkmen türgenleriniň türgenleşiklerini guramak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada tabşyryk berdi. Milletiň Lideri ýurduň ýygyndy toparlarynyň dürli halkara ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin işi ýola goýlan sport düzüminiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Mysal üçin, Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde hereket edýän sportuň suwdaky görnüşleriniň merkezi ünsüňi özüne çekýär. Ol dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasyna mynasyp boldy. Desga halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda bina edildi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň onlarça ýurtlaryndan türgenleriň gatnaşmagynda giň gerimli ýaryşlary kabul edýän ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu bolsa sportuň möhüm halkara merkezi hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň pikirine görä, sport — bu diňe görkezijiler we medallar däl-de, eýsem, kuwwatly durmuş, jebisleşdiriji güýç hökmünde medeniýet bilen hem, ykdysadyýet bilen hem, diplomatiýa bilen hem baglanyşyklydyr.

Garaşsyz, Bitarap döwletiň Baştutany hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti sporta hem ylalaşdyryjy wezipäni berip, Türkmenistany halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwürdi.

Çünki ýurdumyzda geçirilýän iri sport çäreleriniň hemmesi hemişe dostlugyň uly baýramçylyklary bolup durýar. Türkmen halky myhmanlary mähirli kabul edip, ähli gowulyklary paýlaşýar. Munuň üçin belli bir sebäp — ýaryş ýa-da haýsydyr bir ähmiýetli senäniň bolmagy hökman däldir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bouling oýnalýan zala gelip, bu ýerde birnäçe takyk urgulary geçirdi, soňra ýüzülýän howzy gözden geçirdi, Olimpiýa şäherçesiniň sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zalynda bolsa sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň