Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti käbir harby enjamlary synag etdi

07:4805.08.2019
0
11116

Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlaryň käbirini synagdan geçirdi, nyşana ok atdy diýip, Döwlet habarlar agentligi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany ýetginjeklik ýyllarynda-da nyşana ok atmak boýunça ýurdumyzyň çempiony bolmagy başarypdy. Milli Liderimiziň sporta ygrarlylygy, döwlet Baştutanymyzyň onuň dürli görnüşlerinde üstünlikleri gazanmagy ähli watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusga alarlyk görelde bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş syýasatynda bedenterbiýä saglygy berkitmegiň we goramagyň has möhüm şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlara öz boş wagtlaryny has netijeli peýdalanmaga ýardam edip, beden kuwwatlygyny artdyrýar diýip, milletiň Lideri belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň