Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenç etdi

05:4005.08.2019
0
7565

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, säher bilen welosipedde gezelenç etdi diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Türkmenistanda welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl geçenden soň, ýaryş geçirilip, ol Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň başyny başlady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde tassyklan Kararnamanyň kabul edilmegi sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, döwletleriň we halklaryň arasynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde ýurdumyzyň ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berendigine şaýatlyk edýär.

Häzir Türkmenistanda Halkara olimpiýa komiteti hem-de halkara sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär. Aşgabatda özboluşly Olimpiýa şäherçesi işläp, bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Geljek, 2020-nji ýylda bu ýerde sambo boýunça dünýä çempionatyny, 2021-nji ýylda bolsa welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň