Türkmenistanyň Prezidenti türkmen alabaýlaryna bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady

00:1605.08.2019
0
8357

Dynç alyş günleriniň çaginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alabaýlary hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazmak bilen meşgullandy diýip, "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ylmy maglumatlara görä, taryhy birnäçe müňýyllyga uzaýan Aaabaýlar hemişe adamlaryň hemrasy, ýakyn ýardamçylary bolupdyrlar. Alabaý tohumynyň batyrlygy, gaýdywsyzlygy hem-de eýesine juda wepalylygy baradaky maglumatlar dünýä ylmynda möhüm orny eýeleýär. Şöhratly pederlerimiz türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri, ajaýyp halylary ýaly bütin dünýäniň ykrarnamasyna eýe bolan milli gymmatlygy döredipdirler. Türkmen Alabaýlary örän akylly, batyr köpekler hökmünde ykrar edildi. Duýujylyk ukyby örän ýokary bolan, üşükli, aýratynda gorag babatda tapylgysyz hasaplanylýar.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly “Alabaýlaryň ýagşylygyň tarapdarydygyny aňladýar” Döwlet Baştutany köp ýyllaryň dowamynda türkmen alabaýlarynyň taryhyna degişli maglumatlaryň toplanylmagyna, ýurdumuzyň çäginde iň gadymy künjeklerde gazuw agtaryşyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu işleriň netijeli alnyp barylmagy bolsa türkmen halkynyň taryhyny, olaryň döreden aýratynlyklaryny dikeltmekde möhüm orny eýeleýär. Geçirilen ylmy barlag işleriniň dowamynda, beýleki gymmatly maglumatlar bilen bir hatarda alabaý tohumdaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynda şunuň ýaly gymmatly maglumatlaryň mynasyp orun eýelemegi, bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutany türkmen alabaýlaryna bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady we ony neşir etmäge berdi. Bu eseri türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden deňi-taýy bolmadyk milli gymmatlyklaryny has-da dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolar. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda türkmen bedewlerine, türkmen halysyna, aýdym-saz sungatyna, medeniýetine, umuman, milli gymmatlyklarymyzyň ençemesine ýörite kitaplary bagyşlandygyny aýtmak gerek. Alabaý hakyndaky täze kitap döwlet Baştutanynyň milli aýratynlyklarymyza belent sarpasynyň nobatdaky güwäsine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň