Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady

12:2303.08.2019
0
1719

Awgust aýynyň gelmegi bilen, Türkmenistandaky iri söwda merkezleriniň ýanynda mekdep bazarlary işläp başlady. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu bazarlarda, esasan, mekdep harytlary satylýar. Şeýle bazarlaryň ýurduň ähli künjeklerinde işlemegi we olarda bahalaryň elýeter bolmagy üçin ilat üçin uly amatlykdyr.

Mekdep bazarlaryndaky dokma önümleriniň we okuw esbaplarynyň aglabasynyň Türkmenistanda öndürilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasyp. Bu işde türkmen telekeçileri hem çetde durmaýarlar. Mälim bolşy ýaly, eýýäm iki ýyl bäri 1-nji sentýabrda orta mekdebe barýan körplere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat berilýän kompýuterler hem öz ýurdumyzda öndürilýär.

Okyjylarymyza maglumat hökmünde, Aşgabatdaky mekdep bazarlarynyň Ak ýol», «Gülüstan», «Teke bazar», «Älemgoşar» ýaly söwda bazarlarynda, şeýle-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Aşgabadyň ýalkymy», «Berkarar» söwda merkezlerinde işleýändigini habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň