Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýat kitaphanasynda 240 müňe golaý kitap elektron ulgama birikdirildi

12:1603.08.2019
0
2976

Türkmenistanyň merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmegiň çäginde şu güne çenli Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitap gaznasynyň 50 müňden gowragy elektron kataloga ýüklenildi. Welaýat boýunça kitaphanalaryň kitap gaznasynyň 240 müňe golaýy okyjylar üçin amatly bolan elektron ulgama birikdirildi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Munuň özi okyjylaryň öz ýaşaýan etraplarynyň kitaphanalaryna baryp, özlerini gyzyklandyrýan kitaplar barada maglumat almagyna mümkinçilik döredýär. Welaýat kitaphanasynda elektron kitaplarydöretmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda kitaphanadaky iň seýrek neşirleriň 300-den gowragy elektron kitaplardyr. Bu hem seýrek neşirler bilen elektron nusgada tanyşmaga amatly şert döredýär. Şu günler aragatnaşyk tory arkaly birikdirilen kitaphanalaryň awtomatlaşdyrylan bitewi maglumat gözleg ulgamyny ornaşdyrmagyň gerimini giňeltmek hem çaltlandyrmak boýunça degerli işler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň