Soňky habarlar

Arhiw

Serdar etrabynda gök we bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirildi

11:4003.08.2019
0
1178

Ýaňy-ýakynda Serdar etrabynyň çäginde, Garagum derýasynyň boýlarynda ekin dolanyşygyna girizilen ýerlerde tutanýerli işleri alyp barýan etrabyň ekerançylary 2,8 müň tonna ýeralma, 4 müň 750 tonna pomidor, 400 tonna hyýar, 5 müň 750 tonna sogan we 16 müň tonna bakja önümlerini taýýarlamak baradaky ýyllyk meýilnamany artygy bilen amal edendikleri barada buýsançly habar berdiler.

"Türkmenistan" gazetinde ýazyyşy ýaly, meýdanlarda heniz hasylyň köplügi ekinleriň bu görnüşlerinden alynjak hasylyň has hem artjakdygyna aýdyň güwä geçýär. Serdarly kärendeçiler şu ýyl 1 müň 750 tonna kelem we 2 müň 700 tonna käşir hasylyny ýygnamaklyga-da girişdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň